"Garabagdaky ylalaşygyň gözegçiligi üçin Türk-Rus Merkezi bilen baglanşykly şertnama gol çekildi"

Prezident Erdogan Daglyk Garabagda Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda gazanylan ylalaşygyň gözegçiligi üçin Umumy Türk-Rus Merkezi bilen baglanşykly şertnama gol çekilendigini habar berdi

1525973
"Garabagdaky ylalaşygyň gözegçiligi üçin Türk-Rus Merkezi bilen baglanşykly şertnama gol çekildi"

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Adalat we ösüş partiýasynyň TBMM-däki maslahatynda çykyş etdi. 

Düýn güýje giren ylalaşygyň gözegçiligi üçin döredilem Umumy Türk-Rus Merkezi bilen bagly Erdogan: "Od açmazlyk ylalaşygynyň gözegçiligi üçin döredilen Umumy Türk-Rus Merkezi bilen baglanşykly şertnama şu gün irden gol çekdik. Bu merkez Azerbaýjanyň basyp alyşlykdan azat edilen territoriýanyň üstünde gurular. Daglyk Garabagdaky ylalaşygyň düzgün bozmalaryna garşy ähli çäreler bu merkez tarapyndan görüler. Şeýlelik bilen Azerbaýjanyň topraklaryndaky we Garabagdaky 28 ýyllyk basyp alyşlyk resmi ýagdaýa bes edildi. Garabag ýene-de bir gezek Yslam ýurdy ýagdaýyna geldi, ýarym aýyň kölegesinde asudalyga gowuşdy" diýip belledi. 

"Garabagda nähili ýagdaýda gysga wagtyň içinde adalatly we parahatçylyk düzgün ýola goýulan bolsa, açyk bir hyzmatdaşlyk bilen Siriýada hem şuňa meňzeş bir ädimiň edilip bilinjekdigine ynanýarys" diýen Erdogan: "Sebitimizde we dünýäde başdan geçirilýän üýtgeýiş etabynda ýurtlarymyzy, iki dogan hökmünde el-ele tutuşyp bilelikde beýgelderis, maksatlarymyza bilelikde ýeteris. Mundan soň Azerbaýjan bilen has hem ýakyn, has hem güýçli hyzmatdaşlyk içinde bolup, umumy geljegemizi bilelikde gurarys. Bolan soňky çaknyşyklaryň dowamynda dowamly häsýetde asuda halkyň ýaşaýan ýerlerini nyşana alyp, ençeme bigünä adamyň ýogalmagyna sebäp bolan Ermenistanyň eden jenaýatlarynyň tersine, mundan beýläk asuda halkyň zeper ýetmezligi üpjün ediler" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar