Ibrahim Kalyn ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy O'Braýen bilen söhbetdeş boldy

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, ABŞ-nyň Milli Howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Robert O'Braýen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1508536
Ibrahim Kalyn ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy O'Braýen bilen söhbetdeş boldy

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn bilen ABŞ-nyň Milli Howpsuzlyk maslahatçysy Robert O'Braýeniň arasynda geçen telefon söhbetdeşliginde, ikitaraplaýyn gatnaşyklar, Ermenistanyň Azerbaýjana garşy guraýan hüjümleri, Gündogar Ortaýer deňizinde başdan geçirilen soňky hadysalar, Liwiýa meselesi we beýleki sebitleýin meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Telefon söhbetdeşliginde, Türkiýäniň Azerbaýjanyň we Ermenistanyň arasynda ynsanperwer maksatly yglan edilen ylalaşygy goldaýandygyny, hemişelik çözgüdiň bolsa diňe Ermenistanyň Ýokary Garabag we onuň töwereginde basyp alan ýerlerinden çekilmegi bilen üpjün edilip bilinjekdigini mälim edildi. 

ABŞ tarapyna, Ermenistanyň Azerbaýjanda asuda ilatyň ýaşaýan ýerleriniň nyşana alynyp hüjüm guralmagynyň halkara hukuga ters gelýändigi we kabul edilmejekdigi bellenen telefon söhbetdeşliginde, Azerbaýjanyň territorial bütewiliginiň üpjün edilmeginde BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň we ÝHHG-nyň kararlarynyň çäginde, halkara jemgyýetiň anyk ädimler etmelidigi beýan edildi. 

Telefon söhbetdeşliginde Türkiýäniň ABŞ-dan Gündogar Ortaýer deňizi babatynda adalatly we bitarap bir pozisiýa eýelemegine garaşýandygy bellenip geçildi. 



Degişli Habarlar