Türkiýäniň Daşary işler ministri Gwineýa-Bisau döwletinde saparda bolýar

awuşogly, resmi sapar guran Afrikanyň Gwineýa-Bisau döwletinde kärdeşu Suzi Karla Barbosa bilen geçiren duşuşygyndan soň umumy metbugat ýygnagyny geçirdi

1488411
Türkiýäniň Daşary işler ministri Gwineýa-Bisau döwletinde saparda bolýar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, resmi sapar guran Afrikanyň Gwineýa-Bisau döwletinde kärdeşi Suzi Karla Barbosa bilen geçiren duşuşygyndan soň umumy metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Gwineýa-Bisau döwletine guran saparynda, bu ýerdäki bar bolan mümkinçilikleri görendiklerini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Işewür adamlarymyzyň bu ýere maýa goýmaklaryny höweslendirmäge dowam ederis" diýip belledi. 

Mewlüt Çawuşogly, FETÖ garşy göreş bilen baglanşykly bolsa: "Türkiýäniň FETÖ garşy göreşine beren goldawy sebäpli Gwineýa-Bisau döwletine minnetdarlyk bildirýärin. Bu ýurtdaky FETÖ bilen arabaglanşykly bolan ähli mekdepleriň ýapylmagyna uly hoşallyk bildirýäris" diýip nygtady. 

Türkiýäniň Magaryf Gaznasy bilen Gwineýa-Bisau döwletiniň resmileriniň arasynda gol çekişilen şertnamadan hem hoşaldyklaryny aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Türkiýäniň Magaryf Gaznasy Gwineýa-Bisauda täze mekdepler açar. Bu gaznanyň häzirki wagtda dünýäniň 43 tapawutly ýurdunda 333 mekdebi bar we şolaryň 23-i Afrika materiginde" diýip habar berdi. 

Ministr Çawuşogly Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşinde Gwineýa-Bisau döwletine kömek berendigini belläp: "Şu gün ýanymyz bilen dem alyş enjamlaryny we N-95 maskalaryny getirdik. Uçaryň mümkinçiligi çäkli bolanlygy sebäpli, ýeterlik derejede getirmek üçin elimizden gelenini etdik" diýdi. 

Gwineýa-Bisauda diplomatiýa akademiýasynyň gurulmagyny hem goldaýandyklaryny aýdan Çawuşogly, Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa akademiýasynyň Gwineýa-Bisau döwletiniň diplomatlaryna onlaýn görnüşde bilim programmalaryny hödürlejekdigini mälim etdi. 



Degişli Habarlar