“Türk Milletiniň Erkinligini Gandallamak İslänler Hyrçyny Dişlemeli Boldy”

Prezident R.T.Erdogan FETÖ terror guramasynyň hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygynyň 4-nji ýylynda halka ýüzlenip çykyş etdi

1455840
“Türk Milletiniň Erkinligini Gandallamak İslänler Hyrçyny Dişlemeli Boldy”

Erdogan 2016-njy ýylyň 15-nji iýul gijesi erkinlige aşyk türk milletini gandallamaga synanşanlaryň oňun hötdesinden gelip bilmändigini aýtdy.

Erdogan 15-nji iýul agdarlyşyk synanşygynyň dowamynda şehit bolan 251 raýat üçin alladan rehnet dilemek bilen başlan çykyşynda, milletiň şol gije hiç hili basyşa sezewar bolmazdan öz islegi bilen huntaçylara garşy herekete geçendigini ýatlatdy.

“15-nji iýul gijesi erkinlige aşyk şu milletiň aýagyny ýene-de bir gezek gandallamaga synanşdylar we hudaýa şükür, onuň hötdesinden gelip bilmediler” diýdi.

“Men şeýle milletiň agzasy hökmünde ýaradany üçin allaga şükür edýärin” diýen Erdogan, 15-nji iýulyň basyp alyjylyk synanşygydygyny, milletiň özi bilen bagly hasap tutanlaryň höwesini puja çykarandygyny aýtdy.

Prezident Erdogan: “Azanymyzyň sesini kesmek, baýdagymyzy düşürmek, milli ygtyýary basgylamak isleýänleri şanly göreş bilen derbi dagyn etdik” diýdi.

“Bu milletiň entek aýdara köp sözi, iş ýüzüne geçirjek ençeme taslamasy bar” diýdi.



Degişli Habarlar