Tunjeli welaýatynda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Tunjeli welaýatynyň gubernatorlygy tarapyndan berilen beýanatda hem, sebitdäki operasiýalaryň dowam edýändigi mälim edildi

1448269
Tunjeli welaýatynda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Tunjeli welaýatynyň Owajyk etrabynda Žandarma güýçleriniň ýöriteleşdirilen toparlary tarapyndan howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçirilen operasiýada 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, içerki howpsuzlyk operasiýalarynyň çäginde Tunjeli welaýatynyň Owajyk etrabynda Welaýat Žandarma serkerdeligine degişli Žandarma güýçleriniň ýöriteleşdirilen toparlary tarapyndan howa güýçleriniň goldaw bermeginde operasiýa geçirildi. 

Operasiýada 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, 1 sany M-16 tüpeňi bilen 1 sany kalaşnikow tüpeňi ele salyndy. 

Tunjeli welaýatynyň gubernatorlygy tarapyndan berilen beýanatda hem, sebitdäki operasiýalaryň dowam edýändigi mälim edildi. 

Milli Goranmak ministrligi hem Yragyň demirgazygyndaky Awaşin sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 1 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. 

Beýleki tarapdan bolsa, Içeri işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Ismail Çatakly, her aý geçirilýän Metbugat ýygnagynda beren beýanatynda, iýun aýynda 6-sy mämişi, 3-si çal kategirýada atlary bolan jemi 128 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýan etdi. 

Ismail Çatakly mundan başgada 2020-nji ýylyň ilkinji 6 aýynda 562 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini beýan etdi. 


Etiketkalar: #operasiýa , #Owajyk , #Tunjeli

Degişli Habarlar