Sakarýada feýerwerk fabriginde partlama boldy

Hendek etrabynyň Ýukaryçalyja diýilen ýerinde ýerleşýän feýerwerk fabriginde Türkiýäniň wagty bilen sagat 11:15-de partlama boldy

1448420
Sakarýada feýerwerk fabriginde partlama boldy

Sakarýa welaýatynyň Hendek etrabynda feýerwerk fabriginde bolan partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 2 adam ýogaldy, 74 adam ýaralandy. 

Hendek etrabynyň Ýukaryçalyja diýilen ýerinde ýerleşýän feýerwerk fabriginde Türkiýäniň wagty bilen sagat 11:15-de partlama boldy. 

Partlamanyň sesi takmynan 50 km uzaklykdaky şäheriň ähli ýerinde eşidildi. Partlamadan soň şäheriň ýaşaýjylary köçelere çykdylar. Sebite köp sanda tiz kömek ulagy we ýangyn söndüriji ulag gönükdirildi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň buýrugyna laýyklykda Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Maşgala, zähmet we sosial hyzmatlar ministri Zehra Zümrüt Selçuk Sakarýa welaýatynda feýerwerk fabriginde partlamanyň bolan ýerine gitdiler. Içeri işler ministri Süleýman Soýlu we Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja fabrigiň ýerleşýän ýerine ýokarydan gözegçilik etdiler. 


Etiketkalar: #partlama , #fabrik , #Sakarýa

Degişli Habarlar