"Penje-Gaplaň" operasiýasy sebitinde bir esger şehit boldy

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Yragyň demirgazygynda geçirýän "Penje-Gaplaň" operasiýasy sebitinde 1 esger şehit boldy

1444783
"Penje-Gaplaň" operasiýasy sebitinde bir esger şehit boldy

Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Penje-Gaplaň operasiýasy sebitinde 2020-nji ýylyň 28-nji iýunynda terrorçylar bilen ýaragly çaknyşykda gahryman 1 esgerimiz şehit boldy" diýip habar berildi. 

Beýanatda şehit bolan esgere Alladan rehnet, maşgalasyna, Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine we türk milletine gynanç bildirildi. 

Beýleki tarapdan Yragyň demirgazygyndaky Zap sebitinde anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 1 terrorçy howa hüjümi bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. 



Degişli Habarlar