"Türkiýe DAIŞ-e garşy göreşen NATO agza ýeke-täk ýurt"

"DAIŞ we PKK/ÝPG NATO agza Türkiýä hüjüm etmek bilen aslynda NATO zeper ýetirmegi maksat edinýär"

1315832
"Türkiýe DAIŞ-e garşy göreşen NATO agza ýeke-täk ýurt"

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanatda, Türkiýäniň Ýefrat galkany operasiýasy zolagynda DAIŞ-e garşy göreşen we 3 müňden gowrak terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getiren NATO agza ýeke-täk ýurtdygy ýatladyldy.

Beýanatda Türkiýäniň ABŞ bilen 17-nji oktýabrda gazanan ylalaşygynyň çäginde DAIŞ bilen arabaglanşykly jogapkärçiliklerini ýerine ýetirendigine garamazdan, Tal Abýad hassahanasyndaky DAIŞ-lileriň, PKK/ÝPG-li terrorçylar tarapyndan dünýäniň gözüniň öňünde boşadylandygyna üns çekildi.

Beýanatda “Ýefradyň gündogaryndaky çylşyrymly wakalaryň esasy sebäbi we terror guramasy DAIŞ-iň henizem kiçi toparlar ýagdaýynda öz işini dowam etdirip PKK/ÝPG bilen hyzmatdaşlyk etmegi we şol terror guramasyna berilýän goldawdyr” diýildi.

Ýefrat Galkany we Zeýtun Şahajygy operasiýasy bilen şol wakalaryň hötdesinden gelen DAIŞ we PKK/ÝPG-niň başda durmagynda ähli terror guramalaryna garşy göreşýän Türkiýäniň, howpsyz zolagyň döredilmegi ýaly meseleleriň hem hötdesinden gelip biljekdigi nygtaldy.

Beýanatda terror guramalary DAIŞ we PKK/ÝPG-nyň şol bir maksada hyzmat edýän NATO agza Türkiýä hüjüm etmek bilen aslynda NATO zeper ýetirmegi maksat edinýändigi bellenildi.

 

 



Degişli Habarlar