Türkiýe-Eýran “Aşakky Howpsyzlyk Toparynyň” 55-nji maslahaty başlady

Wan welaýatynda öz işine başlan maslahatda howpsyzlyk meseleleri seljerilýär

1314201
Türkiýe-Eýran “Aşakky Howpsyzlyk Toparynyň” 55-nji maslahaty başlady

Gubernator Emin Bilmez maslahat mynasybetli şähere gelen Eýranyň Günbatar Azerbaýjan welaýatynyň häkiminiň orunbasary we Hoý şäheriniň Permandary Seýid Muhammed Abidini hem-de ýanyndaky wekiliýeti kabul etdi.

Abidi we ýanyndaky wekiliýeti kabul etmegine kanagatlanma bildiren Bilmez, şeýle duşuşyklaryň iki ýurduň we şäheriň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin netijelidigini aýtdy.

Duşuşyklar arkaly meseleleriň has ýeňillik bilen çözüljekdigini beýan eden Bilmez, maslahatda Wan bilen Eýranyň arasyndaky 285 kilometrlik serhet zolagynda ýa-da haýsydyr bir bikanun wakalaryň, kontrabandanyň öňüniň alynmagy hakynda pikir alyşyljakdygyny beýan etdi.

Hoýuň Permandary Abidi bolsa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky döwürde ösýändigini nygtap, mundan soňky duşuşyklarda gatnaşyklaryň hasam gowy boljakdygyna ynanýandygyny aýtdy.

Bilmez we Abidi soň toparara duşuşyklara gatnaşmak üçin Ali Paşa malahatlar zalyna bardylar.

Maslahatyň birinji bölümi gün tertibiniň ara alynyp maslahatlaşylmagy bilen tamamlandy.

Maslahata Welaýat İçeri işler bölüminiň müdiri, Welaýat Žandarm serkerdesi, 6-njy Serhet goşunlarynyň serkerdesi, Başkale, Çaldyran, Özalp we Saraý etraplarynyň häkimleri gatnaşdylar.



Degişli Habarlar