Türkiýeden ABŞ-e we Fransiýa çagyryş

Türkiýe, toslama ermeni tezisleri bilen bagly karary sebäpli ABŞ-e we Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasyndaky pozisiýasy sebäpli Fransiýa berk ýagdaýda nägilelik bildirdi

1299329
Türkiýeden ABŞ-e we Fransiýa çagyryş

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "ABŞ-nyň Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasyny bahana edip toslama ermeni tezisleri bilen bagly kanun taslamasyny gün tertibe getirmegi we ýurdumyza we ýolbaşçylaryna garşy sanksiýa kararyny kabul etmegi, hem 2019-njy ýylyň 17-nji oktýabrynda gol çekilen ylalaşyga hem-de strategik hyzmatdaşlyk we NATO hyzmatdaşlygy ruhuna ters gelýär" diýip beýan edildi. 

Beýanatda, Fransiýanyň Milli mejlisiniň Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasyny nyşana alan karary bilen baglanşykly bolsa başda fransuz halky başda bolmak bilen dünýä jemgyýetçiliginden hakykatlary gizlemekden we ýoýmak tagallalaryndan başga bir zat däldigi bellenip: "Toslama ermeni garaýyşlaryny kabul eden ABŞ-nyň Wekiller palatasy bilen PKK/ÝPG-niň hyzmatdaş hökmünde kabul edýän Fransiýanyň Milli mejlisini ýazgarýarys" diýip nygtaldy. 

 


Etiketkalar: #ABŞ , #Fransiýa , #Türkiýe

Degişli Habarlar