"Bagdadi Türkiýäniň we ABŞ-nyň hyzmatdaşlygy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, terror guramasy DAIŞ-iň lideri Ebubekir Al-Bagdadiniň Türkiýäniň we ABŞ-nyň hyzmatdaşlygy bilen täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi

1296224
"Bagdadi Türkiýäniň we ABŞ-nyň hyzmatdaşlygy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi"

Mewlüt Çawuşogly, paýtagt Ankarada Gwineýa-Bisau döwletiniň Daşary işler ministri Suzi Karla Barbarosa bilen ministrlikde umumy metbugat ýygnagyny geçirdi. 

ABŞ-nyň Bagdadini täsirsiz ýagdaýa getiren Siriýanyň Idlib sebitindäki operasiýasyna Türkiýäniň goşandygynyň nähilidigi bilen bagly soraga Çawuşogly, terror guramalarynyň ählisi bilen göreş alyp barýan Türkiýäniň DAIŞ-e garşy döşüni gerip göreşýändigini we 4 müňden gowrak DAIŞ-e agza terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirendigini ýatlatdy. 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň bu babatda gerek bolan beýanaty berendigini aýdan Çawuşogly: "Milli Goranmak ministrligimiz hem Trampyň beýanatyndan ozal, bu babatdaky hyzmatdaşlyk bilen bagly beýanat berdi. Terrora garşy göreş düşünjämiziň çäginde we mundan başgada partnýorlyk we strategik hyzmatdaşlyk ruhy bilen Türkiýe hem bu ýerde hereket etdi. Operasiýadan ozal maglumat paýlanşygy we pikir alyşma işleri geçirildi. Şol sebäpli Tramp Türkiýä minnetdarlyk bildirdi" diýip belledi. 

Türkiýäniň, DAIŞ we ÝPG/PKK ýaly terror guramalaryna garşy göreşiniň dowam etjekdigini aýdan Çawuşogly: "ÝPG-lileriň Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasyny bahana edip, DAIŞ-e agza terrorçylary puluna azat edendigi barada maglumatlar gelip gowuşýar. Bulary hem ýakyndan gözegçilik edýäris we derňeýäris" diýip nygtady. 

Çawuşogly, mundan başgada Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitinden çekilmän halatynda Türkiýäniň terrorçylary saplajakdygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar