Siriýada 2-nji Türk-Amerikan bilelikdäki gury ýer gözegçilik işleri başlady

Siriýada Ýefrat derýasynyň gündogarynda howpsyz zolagyň birinji etabynyň çäginde ikinji bilelikdäki gury ýer gözegçilik işleri başlady

1275082
Siriýada 2-nji Türk-Amerikan bilelikdäki gury ýer gözegçilik işleri başlady

Siriýada Ýefrat derýasynyň gündogarynda 2-nji Türk-Amerikan bilelikdäki gury ýer gözegçilik işleri başlady

Türk ýaragly güýçleri bilen ABŞ-nyň ýaragly güýçleri, Siriýada Ýefrat derýasynyň gündogarynda howpsyz zolagyň birinji etabynyň çäginde ikinji bilelikdäki gury ýer gözegçilik işlerine başlady

Şanlyurfanyň Akçakale etrabynyň 15 kilometr gündogarynda Türkiýäniň baýdagyny göterýän 4 sowutly ulagdan ybarat kerwen bilelikdäki gözegçilik işlerine gatnaşmak üçin serhedi geçip Amerikan harby kerweni bilen  Telabýad etrabynda gözegçilik işlerine başlady.

Türk-Amerikan güýçleri ozal 6 gezek bilelikde dikuçar uçuşyny amala aşyrypdy

Türk-Amerikan güýçleriniň, Ýefradyň gündogarynda 8-nji sentaýbrda geçiren bilelikdäki ilkinji gury ýer gözegçiligi 3 sagada golaý dowam edipdi.

 

 



Degişli Habarlar