“Ýewfrat derýasynyň gündogaryny terrordan saplamakda tutanýerlidiris”

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Siriýada Ýewfrat derýasynyň gündogaryny terrordan saplamakda tutanýerlidiklerini nygtady

1076255
“Ýewfrat derýasynyň gündogaryny terrordan saplamakda tutanýerlidiris”

Ýurdyň Prezidenti we Ak partiýanyň başlygy Erdogan partiýasynyň merkezinde Giňeldilen welaýat başlyklarynyň maslahatynda çykyş etdi.

Erdogan çykyşynda Russiýa bilen 17-nji sentýabrda gazanylan Siriýanyň Idlib sebitinde ýaraglardan saplanan zolagyň emele getirilmegi bilen bagly ylalaşygyň düzgünleriniň ýerine ýetirilmeginde hiç hili meseläniň başdan geçirilmeýändigini habar berdi.

Erdogan: “Gol çekileninden bäri Idlibde hiç hili mesele başdan geçirmeýäris, sebitde asudalyk we durnuklylyk höküm sürýär. Ylalaşykdan soň Idlibde hiç hili mesele başdan geçirmedik. Biziň ýeke täk maksadymyz bar, ol hem sebitdäki krizise, Siriýanyň territorial bütewiliginiň çäginde her messepden we kökden gatlaga gujak açjak, adalatly, hemişelik, demokratik, syýasy bir çözgüdiň tapylmagydyr” diýip belledi.

Ýewfrat derýasynyň gündogarynda bir terror guramasy tarapyndan Türkiýä howp abanýandygyny aýdan Erdogan: “Biz hiç kime hemle atmaýarys, hiç kimiň hem serhedimiziň edil ýanynda bize howp saljak işleriň etmegine rugsat bermeris. Nobatda Ýewfrat derýasynyň gündogaryndaky terror guramalarynyň ortadan aýrylmagy we ol ýerleriň hakyky eýelerine berilmegi bar” diýdi.



Degişli Habarlar