“Ýewfrat galkany DAIŞ-e garşy başga bir gurama zerurlygyň ýokdugynyň subutnamasy boldy”

Rejep Taýýip Erdogan Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Siriýada geçiren Ýewfrat galkany operasiýasynyň terror guramasy DAIŞ-e garşy başga bir gurama zerurlygyň ýokdugynyň subutnamasy bolandygyny belledi

730032
“Ýewfrat galkany DAIŞ-e garşy başga bir gurama zerurlygyň ýokdugynyň subutnamasy boldy”

Prezident Erdogan resmi sapar bilen Türkiýä gelen Sýerra-Leoneniň Prezidenti Ernest Bai Koroma bilen geçiren metbugat ýygnagynda ABŞ-nyň aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy bolan ÝPG-e agyr ýarag bermek baradaky karary bilen baglanşykly: “Siriýada we Yrakda bolýan islendik waka biz üçin gönüden-göni milli howpsyzlyk meselesidir. Biz hyzmatdaşlarymyzyň terror guramalarynyň ýanynda dälde, biziň ýanymyzda bolmagy saýlajakdyklaryna ynanmak isleýäris” diýdi.

Terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşiň başga bir terror guramasy bilen alynyp barylyp bilinmejekdigini ýatladan Türkiýäniň Prezidenti mesele bilen bagly aladalaryny 16-njy maýda ABŞ-na gurajak saparynda Prezident Donald Trampa ýetirjekdigini we ondan soň Brýusselde geçiriljek NATO maslahatynda hem orta atjakdyklaryny belledi.

“Geşmişde edilen ýalňyş ädimleriň Siriýany getiren ýagdaý ortadadyr” diýen Erdogan: “Siriýanyň bölünmegine garşydygymyzy hemişe aýdypdyk. Mundan soňky etapda ýagdaýyň çözülmegini isleýändigimizi ýenede bir gezek gaýtalaýaryn, ýalňyşdan iň tiz wagtda däniler diýip umyt edýärin” diýdi.



Degişli Habarlar