“Ýefrat galkany” operasiýasy Al Babdan soň hem dowam eder

Erdogan, gündogarda Rakkanyň hem DAIŞ-den saplanjakdygyny aýtdy.

670800
“Ýefrat galkany” operasiýasy Al Babdan soň hem dowam eder

 

Prezident R.T.Erdogan Ýefrat galkany” operasiýasynyň Al Babdan soň hem dowam etjekdigini aýtdy.

“Biziň esasy maksadymyz Al Bab däl” diýen Erdogan, gündogarda Rakkanyň hem DAIŞ-den saplanjakdygyny aýtdy.

Prezident Erdogan Bahreýne sapara ugramazdan ozal “Ýefrat galkany” operasiýasy barada maglumat berdi.

Erdogan Al Babyň esasy bölegini saplanandygyny aýtdy.

Operasiýanyň dowam etjekdigini nygtan Erdogan, Rakka guralmagy ähtimal operasiýa barada şeýle diýdi: “

“DAIŞ-iň esasy merkezi Al Bab däl, DAIŞ-iň esasy merkezi Rakka. Rakka saplanan pursatyndan başlap, esasanda sebit terrordan saplanan sebite öwrüler. Ol ýerdäki esasy maksat bolsa 5 müň inedördül kilometrlik giňişligi saplamakdyr.”

Prezident Erdogan Siriýada DAIŞ-den saplanan zolaklar baradaky tankydy belligini şeýle beýan etdi: “Serediň Munbije. Munbijiň ilatynyň 90 göterimi araplardan ybarat. Emma häzirki wagtda ol ýere öz halky ýerleşdirilmedi. Näme üçin? Sebäbi PÝD-ÝPG ol ýeri basyp aldy. Bize berilen söze görä olar Munbiçden çykarlar. Heniz boşatmadylar”

 



Degişli Habarlar