Ýewfrat galkany operasiýasynyň çäginde ýenede 44 terrorçy öldürildi

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň demirgazygynda terrorçylara garşy geçirilýän Ýewfrat galkany operasiýasynyň çäginde Al Babda terror guramasy DAIŞ-e agza ýenede 44 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

639266
Ýewfrat galkany operasiýasynyň çäginde ýenede 44 terrorçy öldürildi

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan berilen beýanata görä DAIŞ başda bolmak bilen terror guramalary tarapyndan abanýan howpy ortadan aýyrmak, serhediň howpsyzlygyny üpjün etmek we hyzmatdaş güýçlerine kömek bermek maksady bilen Siriýanyň demirgazygynda 24-nji awgustda başladylan Ýewfrat galkany operasiýasy giň-gerimli dowam etdirilýär.

Operasiýanyň 127-nji gününde oppozisionlardan ybarat ýöriteleşdirilen toparlaryň gury ýerden berilen goldaw bilen Al Babyň gözegçilik astyna alynmagy üçin operasiýalar dowam etdirildi.

Gury ýerden edilen hüjümleriň netijesinde DAIŞ-e agza 44 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, 117 terrorçy ýaralandy, terror guramasyna degişli bombaly ulag hatardan çykaryldy. Çaknyşyklarda 7 oppozisioner ýaralandy.

Terror guramasy DAIŞ-e degişlidigi anyklanan 154 aýry ýer ýok edildi.

Edilen hüjümler bilen terrorçylar tarapyndan ulanylan ýaşaýyş ýerler, goranyş liniýalar, desgalar, ýaraglar we ulaglar dolulygyna ýok edildi.



Degişli Habarlar