Ýefrat galkany operasiýasynyň çäginde ýaralanan 1 esger şehit boldy

DAIŞ-e degişli 113 ýer nyşana alyndy

638114
Ýefrat galkany operasiýasynyň çäginde ýaralanan 1 esger şehit boldy

Siriýanyň demirgazygynyň terrorçylardan saplanmagy maksady bilen türk ýaragly güýçleriniň öňbaşçylyk etmeginde 24-nji awgustda başladylan Ýefrat galkany operasiýasynyň çäginde ýaralanan 1 esger şehit boldy.

Al Baba guralýan operasiýanyň çäginde 2016-njy ýylyň 19-njy dekabrynda ýaralanan esger Gaziantepde bejergi alýardy.

Ýefrat galkany operasiýasynyň 125-nji gününde terrorçylar tarapyndan ulanylýan gaçybatalgalar we ýarag ammary nyşana alyndy.

Baş ştab tarapyndan berlen beýanata görä, terror guramasy DAIŞ-e degişli 113 ýer nyşana alyndy.

Operasiýada terror guramasy DAIŞ-e degişlidigi anyklanylan ýerler hatardan çykaryldy.

 



Degişli Habarlar