Prezident Erdogan Stambulda 30 sanysy polis 38 adamyň şehit bolan hüjümini berk ýazgardy

Prezident R.T.Erdogan: “Biz gorkup meýdanlary pespällere, dönüklere goýjak derejede peselmedik” diýdi

628351
Prezident Erdogan Stambulda 30 sanysy polis 38 adamyň şehit bolan hüjümini berk ýazgardy

Millete-de ýüzlenen Erdogan terror belasyna garşy göreşiň sonuna çenli dowam etjekdigini beýan etdi.

Prezident Erdogan: “Futbol bäsleşiginden soň tarapdarlary howpsyz ýagdaýda stadiondan çykarandan son ulaglaryna münmek üçin taýarlanan ýaşajyk gahrymanlarymyza, ýörite polis güýçlerine elde ýasalan bomba ýüklenen ulag bilen iki ýerde dönüklerje hüjüm guraýar. Şeýle pajygaly  netije ýüze çykdy. Ähli şehitlerimize alladan rehnet, gahrymanlarymyza alladan şypa, hossarlaryna sabyrlylyk dileýärin. Milletimiziň başy sag bolsun. Emma şuny bilsinler; munuň netijesi agyr bolar” diýdi.

Prezident Erdogan gussaly habary eşiden badyna Gazagystana saparyny yza süýşürdi. Stambulyň İçeri işler müdirliginde guralan hatyralama çaresine gatnaşdy.

Prezident hassahanalarda bejergi alýan ýaralylary hem baryp gördi.

İlki Bezmialem hassahanasynda lukmanlardan maglumat aldy. erdogan Haseki talim we ylmy-barlag hassahanasyna-da bardy.

Ol ýerde reanimasiýada iki adamyň bejergisiniň dowam edýändigini, olaryň huşunyň ýerindedigini gürrüň beren Erdogan, ýaralylaryň gysga möhletde reanimasiýadan çykyp, otaglaryna geçjekdigini aýtdy.

Prezident Erdogan: “Terror belasyna garşy göreşde milletimiň halkymyň göreşiň soňuna çenli dowam etjekdiginden şübhesi bolmasyn. Eger bizi bular bilen gorkuzmagy maksat edinýän bolsalar, biz gorkup meýdany pespällere, dönüklere berjek derejede peselmedik. Bu bu ýola kepenimizi geýip çykdyk” diýdi.



Degişli Habarlar