Prezident Erdogan şu gün Gazagystana gider

Prezident R. T. Erdogan Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň myhmany hökmünde şu gün Gazagystana gider

627027
Prezident  Erdogan şu gün Gazagystana gider

 

Mesele hakynda berlen beýanata görä, Prezident R. T. Erdogan 2 günlük resmi saparynyň çäginde Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen duşuşar.

Özara we toparara gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Saparyň çäginde şeýle hem 2017-nji ýylda iki ýurduň Prezidentiniň ýolbaşçylyk etmeginde Türkiýede geçirilmegi göz öňünde tutulýan Türkiýe-Gazagystan Ýokary derejeli  strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 3-nji maslahaty üçin görülýän taýarlyklar gün tertibine getirler.

 



Degişli Habarlar