Erdogan Pawlopulos bilen söhbetdeşlik geçirdi

Prezident Erdogan Gresiýanyň Prezidenti Pawlopulos bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

232464
Erdogan Pawlopulos bilen söhbetdeşlik geçirdi

Prezidentiň metbugat merkezinden alynan maglumata laýyklykda Prezident Erdogan grek kärdeşi bilen geçiren söhbedeşliginde serhet ýakasyna edilen saparlaryň möhümdigine ünsi çekdi.
Erdogan telefon söhbetdeşliginde Türkiýäniň we Gresiýanyň halklarynyň abadançylygy üçin ykdysady hem-de söwda gatnaşyklarynyň, transport infrastrukturalarynyň hasam kämilleşdirilmeginiň ähmiýetini nygtady.
Telefon söhbetdeşliginde iki lideriň iki ýurdun arasyndaky meseleleriň gepleşikler arkaly çözülmegi, özara gatnaşyklaryň depginini güýçlendirmek barasyndaky isleglerini beýan edendiklerini mälim edildi.
Gresiýanyň Prezidenti Pawlopulos Fenerbahçe komandasynyň toparyna guralan hüjüm sebäpli Prezident Erdogana duýgudaşlyk bildirdi.
Prezident Erdogan bolsa söhbetdeşlikde Pawlopulosy golaýda Türkiýede görmekden hoşal boljakdygyny beýan etdi.
Prezident Erdoganyň Prowaslawlaryň Paska güni mynasybetli gutlandygy, şeýlede grekçe “Kalo paska” diýendigi habar berildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar