Prezident R.T. Erdogan iş sapary bilen Eýrana bardy

Saparyň dowamynda Ýemendäk, Yrakdaky we Siriýadaky soňky wakalar bilen beýleki sebitleýin meseleler barada pikir alyşylmagyna garaşylýar

229417
Prezident R.T. Erdogan iş sapary bilen Eýrana bardy

Prezident Erdogan üçin Prezident köşkünde resmi garşylama dabarasy geçirildi.
Atly goşunyň ýoldaşlyk etmeginde köşke gelen Erdogany Eýranyň Prezident Hasan Ruhani harşylady.
İki ýurduň döwlet senalarynyň ýerine ýetirilmeginden soň Prezident Erdogan hormat garawuly wilen salamlaşdy.
Liderler soň bolsa ikiçäk duşuşyga geçdiler.
Prezident Erdogan we kärdeşi Ruhani Türkiýe-Eýran Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň ikinji mejlisine hem gatnaşarlar.
Ylalaşyklara gol çekişilmeginden soň bilelikde metbugat ýygnagy geçiriler.
Duşuşyklaryň dowamynda iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň ähli ugurlary seljeriler.
Prezident Erdogana Eýrana guraýan saparynda Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji, Gümrük we söwda ministri Nurettin Janikli, Energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyz, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Ömer Çelik bilen Ösüş ministri Jewdet Ýylmaz ýoldaşlyk edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar