Prezident Erdogan Kirazyň maşgalasyna duýgudaşlyk bildirdi

Rumyniýa saparyny tamamlaman Türkiýä dolanan Prezident R.T.Erdogan, Stambulyň Kazyýetinde wezipesiniň başynda öldürilen Prokuror Mehmet Selim Kirazyň öýüne baryp, hossarlaryna duýgudaşlyk bildirdi

221456
Prezident Erdogan Kirazyň maşgalasyna duýgudaşlyk bildirdi

Kirazyň öýüne baran we gurhan okan Prezident Erdogan, ol ýerden gaýdyşyn beren beýanatynda “Gün jebislik güni. Milli çemeleşme günidir. Bu meselelerde ünsli çemeleşilmeli” diýdi.
Erdogan “Biz gorkyny gorkuzmaly” diýdi.
Prezident Erdogan “Ýurduň asudalygyna, abadançylygyna kast edenler bu ýurtda enşalla arzuwyna ýetmezler. Men şoňa ynanýaryn. Oňa ýol bermäliň. Diýmek başga çäreler görülmeli. Bu taýdan şertler has ünsli bolmagymyzy talap edýär” diýdi.
Öldürilen prokuror Mehmet Selim Kirazyň hossarlaryna Premýer ministr Ahmet Dawutogly we Respublikan halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly hem duýgudaşlyk bildirdiler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar