Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1891037
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdoganyň ÝB-ne Gündogar Ortaýer deňizi boýunça çagyryşy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň; “Her platformada bolşy ýaly Çehiýanyň paýtagty Pragada-da ýewropaly liderlere Gündogar Ortaýer deňizi we Egeý meselelerini halkara hukuk kadalarynyň çäginde çözmek isleýändigimizi aýtdyk. ÝB-niň bu meselede nähak we hukuksyz başlangyçlary goldamagyň ýerine degişli taraplary ikiçäk formatda dialoga çagyrmagyna garaşýarys” diýen sözlerini çap edýär.

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: Ýewropa gyşy nähili geçirjekdigini alada edýär. Biziň beýle meselämiz ýok” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ýewropadaky energiýa üpjünçiligi meselemesi hakynda Pragadaky soňky sammitde ýewropaly liderleriň gyşy nähili geçirjekdiklerini alada edýändiklerini beýan edendiklerini nygtap; “Olara biziň beýle meselämiz ýok” diýdim” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Erdogan geljek ýylyň başynda Gara deňizden tebigy gazy çykarmaga başlandan soň Türkiýäniň hasam rahatlanjakdygyny aýtdy.

“Star” gazeti “Mikelson: Erdoganyň Putin aýdara täsirli sözleri bardyr” söz başyly habarynda, Estoniýanyň Mejlisiniň Halkara gatnaşyklar Komissiýasynyň Başlygy Marko Mikelsonyň Türkiýäniň töwellaçylyk pozisiýasyna ünsleri çekendigini ýazýar. Mikelson: “Prezident Erdogan soňky döwürde söweşiň taraplaryny gepleşik stoluna getirip, möhüm diplomatik göçümler etdi. Ýadro ýaraglary boýunça hem Erdoganyň Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putine aýdara täsirleri bardyr” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Gündogar Ortaýer deňizinden çykaryljak gaz boýunça iň amatly ýurtly Türkiýe” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň ozalky orunbasarlaryndan Mat Braýzanyň Gündogar Ortaýer deňizindäki tebigy gazyň Ýewropa akdyrylmagynda söwda taýdan iň mantykly alternatiwiň Türkiýäniň üstaşyr turba göteriji gurulmagyndan ybaratdygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýar. Braýza; “Ondan daşgary alternatiwler iňňän gymmat boljagy üçin amatly däl” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Türkiye tapawutlanmaga dowam edýär” söz başyl habarynda, Gazna we maliýe ministri Nureddin Nebatiniň “Türkiye ykdysady modeli bilen edilen ýokary ösüş we döredilen iş üpjünçiligi netijesinde dünýäniň başga ýurtlaryndan oňyn görnüşde tapawutlanmaga dowam edýäris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar