Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2139642
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan iň halanýan lider” söz başyly habarynda, günbatar Balkan ýurtlaryndan Albaniýada, Bosniýa-Gersegowinada, Garadagda, Demigazyk Makedoniýada, Serbiýada we Kosowada geçirilen sowalnamada Prezident R.T.Erdoganyň sebitiň halklary tarapyndan iň halanýan liderdigini ýüze çykarandygyny ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Fidan: Ysraýyl basybalyjy güýç” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Ysraýylyň basybaşyjy güýçdigini nygtap: “Gazadaky söweş ýöne ýerden başlamady” diýendigini mälim edýär. Hamasyň terror guramasy däldigini beýan eden Fidan; “Hamas göreşiji hereketdir, terror guramasy däl” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Nahiçewanyň tebigy gazy şu ýyl Türkiýäniň üstaşyr beriler” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň Türkmenistanyň tebigy gazynyn Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üstaşyr Türkiýä ýetirilmegi üçin Türkiýäniň we Azerbaýjanyň Tebigy gaz boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşygyň gol çekişik dabarasynda sözlän sözünde “Öňümizdäki gyş Nahiçewanyň tebigy gazy Türkiýäniň üstaşyr beriler. Gysga möhletde bu geçirijini ulanmaga bermegi meýilleşdirýäris” diýdi.

“Star” gazeti “Kajyr: Beýikligi 24 we ondan ýokarda bolan ýahta öndürmekde dünýäde 4-nji orunda durýarys” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyryň Türkiýäniň 2023-nji ýylda beýikligi 24 we ondan ýokarda bolan ýahta gurluşygynda 73,011 grostonna bilen dünýäde 4-nji oruny eýeländigini aýdandygyny okjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Uralogly TÜRKSAT 6A-nyň älem giňişligine uçuryljak wagtyny beýan etdi” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglunyň TÜRKSAT 6A-nyň iýun aýynyň başynda ABŞ-na ugradyljakdygyny beýan edip; “Biz iýul aýynyn 8-14-i aralygynda orbita uçurulmagyna garaşýarys” diýendigini mälim edýär.



Degişli Habarlar