Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

2141454
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: "Erdogan ýaşlar bilen duşuşyk geçirdi" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, 19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramynda ýaşlar bilen duşuşyk geçirendigini habar berýär. 19-njy maýyň ýesirlige garşy azatlygyň simwolydygyny aýdan Prezident Erdogan, Türkiyäniň iň uly güýjüniň we umydynyň ýaşlardygyny beýan etdi.

Hürriýet gazedi: "Milli Azat edijilik göreşiniň ruhy 105 ýaşynda" söz başyly habarynda, 19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramynyň tutuş ýurtda uly şüweleň bilen bellenilip geçilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Raýatlar Türkiye Respublikasynyň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürkiň aramgähiniň ýerleşýän ýeri bolan Anytkabiri zyýarat etdiler. Anytkabiriň ýörite depderine gol goýan Ýaşlar we sport ministri Osman Aşkyn Bak: "Ýurdumyzy we baýdagymyzy ähli ugurlarda beýgeltmäge dowam ederis" diýip belledi. 

Star gazedi: "Gara deňizde tebigy gaz tapyldy, nobatda nebit bar" söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň, Gara deňizde tebigy gaz tapylanyndan soň, sebitden nebit bilen bagly buşlukly habarlaryň gelip gowşuyp biljekdigini beýan edýär. Ministr Alparslan Baýraktar: "Gara deňizde nebit alamatlaryny görkezýändigini pikir edýän sebitlerde işler geçirýäris. Ýakyn wagtda buşlukly habary paýlaşarys" diýip nygtady. 

Ýeni Şafak gazedi: "Maduro Türkiye bilen bagly ylalaşyga gol çekdi" söz başyly habarynda, Wenesuelanyň prezidenti Nikolas Maduronyň Stambulda Türkiye bilen gol çekilen maýa goýum ylalaşygynyň Wenesueladaky tassyklama tapgyrynyň tamamlanandygyny alamatlandyrýan resminama göni efirde gol goýandygyny aýan edýär. Maduro: "Dostum Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogana salamymy ýollaýaryn" diýip aýtdy.

Watan gazedi: "Birža Stambula daşary ýurtlylaryň gyzyklanmasy" söz başyly habarynda, Daşary ýurtly maýadarlaryň Birža Stambuldaky paýynyň 40 göterime ýokarlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Türkiyäniň ykdysadyýetindäki bal artyşlary we guramalaryň oňyn habarnamalary, daşary ýurtlaryň gyzyklanmasyny has hem artdyrana meňzeýär. 


Etiketkalar: #habar , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar