Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1890409
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Prezident Erdogan: Soňky 20 ýylda jemi 164 muzeýi doly täzeledik” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn Stambulda Mimar Sinan adyndaky Amaly haşam sungatlary uniwersitetiniň Surat we heýkel muzeýiniň açylyş dabarasyna gatnaşandygyny ýazýar. Erdogan Çykyşynda: “Soňky 20 ýylda jemi 16 muzeýiň abatlaýyş, bejergi işlerini ýerine ýetirip, dolulygyna täzeledik. Ýurdumyzda 56 muzeý açan bolsa, 18 muzeýimizi bolsa täze binalaryna göçürdik” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Çawuşogly: Türkiýäniň hukuklaryny we bähbitlerini Siriýadan Liwiýa çenli goramakdan biz jogapkär” söz başyly habarynda, düýn Fransiýanyň Strazburg şäherinde  türk raýatlary bilen duşuşan Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň “İleri tutýan ugurlarymyz bar. Türkiýäniň hukuklaryny we bähbitlerini Siriýadan Liwiýa çenli goramakdan biz jogapkär” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Türkiýäniň Germaniýa eksporty ähli döwürleriň iň ýokary derejesinde” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Germaniýa edýän eksportunyň 2022-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynyň aralygynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 10,6 göterim ýokarlap, 14,25 milliard dollara barabar bolandygyny mälim edýär.

“Star” gazeti “Dünýäniň in gowusy Türkiýede! Ýolagçy sany 51 göterim artdy” söz başyly habarynda, dünýäniň iň gowy howa menzili diýlip saýlanan Stambul howa menzilinde 47, 572 000 ýolagça hyzmat edilendigini ýazýar. Ulaglar we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly ýanwar-sentýabr aýlarynyň aralygynda tranzit ýolagçylar bilen bilelikde jemi ýolagçy gatnawynyň  51 göterim ýokarlap, 138 milliona ýetendigini habar berendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Ampute milli komandasy dünýä çempiony” söz başyly habarynda, amputa milli futbol komandasynyň 2022-nji ýylyň Dünýä kubogynyň finalynda Angolany 4-1 hasabynda utup, ilkinji gezek çempion bolandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar