Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1889572
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan Makrona: Hemme zat Ýewropadan ybarat däl” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ýewropanyň Syýasy Bileleşiginiň sammitinden öň Pragada Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen üçtaraplaýyn duşuşyk geçirendigini ýazýar. Erdogan Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban we Fransiýanyň Prezidenti Emmanul Makron bilen hem söhbetdeş boldy. Erdogan Türki döwletleriň guramasy bilen bagly söhbetiň dowamynda Makrona “Sizem kabul edeli. Hemme zat Ýewropadan ybarat däl” diýdi.

“Sabah” gazeti “Erdoganyň Pragada Ermenistan we Gresiýa boýunça ýüzlenmeleri” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň Pragada beren beýanatynda Ermenistan bilen gatnaşyklaryň doly kadalaşjakdygyna ynanýandygyny aýdandyna ünsleri çekýär. Gresiýanyň Premýer-ministri Kiriakos Mikotakisiň meçew beriji hereketleri hakynda bolsa “Häzirki wagtda Gresiýa bilen ara alyp maslahatlaşjak zadymyz ýok” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “TANAP-yň ukyby 2 esse ýokarlandyrylar” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň Stambulda geçirilen Türkiýe-Azerbaýjan 2-nji Energetika forumynda sözlän sözünde; “Golaýda energetika pudagmyzdaky hyzmatdaşlymyzy hasam ýokarlandyrjak hökümetara ylalaşyga gol çekişmegi meýilleşdirýäris. Trans Anadoly tebigy gaz göterijisiniň (TANAP) 16 milliard m3 bolan ukybyny 32 milliard m3-a götereris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “DKTR BMG-na reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Daşary işler ministri Tahsin Ertugruloglynyň DKTR-nyň Kipr türk halkynyň özygtyýarly döwletdigini nygtap, bu ýurtda iş alyp barjak daşary ýurtly güýçleriň DKTR-nyň awtoritarlaryndan rugsat almalydygyny aýdandygyny mälim edýar.  Ministr Ertugrulogly; “BMG-niň Parahatçylyk güýji grek tarapynyň beren rugsady bilen DKTR-nyň çäklerinde iş alyp baryp bilmez” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Amerikaly aktýor Robert Dawi Stambul howa menziline haýran galdy” söz başyly habarynda, dünýä meşhur amerikaly aktýor Rober Dawiniň Stambulyň howa menziline gelen pursadyny sosial media hasabyndan paýlaşyp, howa menzili hakynda öwgüli sözler ýazandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar