Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertininiň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1734925
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: "Erdogan Ýerli dolanşyklar Ýaşlar festiwalynda çykyş etdi" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, ýaşlaryň tamalarynyň özleri üçin ileri tutýan ugurlarydygyny aýdandygyny beýan edýär. Erdogan Ýewropanyň we Aziýanyň çalt depginler bilen garramaga başlan bir döwründe Türkiýäniň ilatynyň 1/3 böleginiň çagalardan we ýaşlardan ybarat bolmagynyň özleri üçin möhümdigini aýan etdi. 

Hürriýet gazedi: "Ministr Soýlundan anyk ýüzlenme: Terror guramasyny gabadyk" söz başyly habarynda, Içeri işler ministr Süleýman Soýlunyň düýn beren beýanatynda: "Türkiýede terrorçylaryň sany indi örän azaldy. Terror guramasyny gabadyk we mundan soň dem alyp bilmejek ýagdaýa getirmek isleýäris" diýendigini habar berýär. 

Sabah gazedi: "Ministr Akardan beýanat" söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň, 2015-nji ýylyň 24-nji iýulyndan bäri ýurdyň içinde, Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda 32 müň 901 terrorçynyň, şu ýylyň başyndan bäri bolsa 2 müň 426 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 

Star gazedi: "Işsizlik görkezijileri aýan edildi" söz başyly habarynda, Türkiýede işsizlik görkezijileriniň şu ýylyň 3-nji çärýeginde 2-nji çarýege garanyňda 0,4 göterim azalyp, 11,7 göterime barabar bolandygyny mälim edýär. Ady agzalan wagt aralygynda işsiz adamlaryň sany 3 million 842 müň adama çenli azaldy. Türkiýäniň Statistika gullugy, şu ýylyň iýul-sentýabr aýlary aralygyny öz içine alýan işsizlik görkezijilerini aýan etdi. Şoňa laýyklykda Türkiýede 15 ýaş we ondan ýokary ýaşda bolan adamlarda möwsüm täsirinden saplanan işsizlik görkezijileri 2021-nji ýylyň 3-nji çärýeginde, ýylyň 2-nji çärýegi bilen deňeşdirilende 57 müň adam azalyp, 3 million 842 müň adama ýetdi. Möwsüm täsirinden saplanan işsizlik görkezijileri 0,4 göterimlik azalyş bilen 11,7 göterim derejesine ýetdi. 

Haber Türk gazedi: "Ministr Dönmez: Türkiýäniň dag magdan eksporty 4,38 milliard dollara ýetdi" söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň, Türkiýäniň dag magdan eksportynyň şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 48 göterim artyp, 4,38 milliard dollara ýetendigini aýdandygyny habar berýär. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #habar , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar