Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2138566
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan grek metbugatyna beýanat berdi: Baky asudalyk üçin tagalla edýäris” söz başyly habarynda, Gresiýanyň “Katimerini” gazetine interwýu beren Prezident R.T.Erdoganyň Gresiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar hakynda ýüzlenmeler berendigini ýazýar. Erdogan çözgüde esaslanýan başlangyçlaryň ähmiýetine ünsi çekip; “İki ýurduň iki diwaryň arasyna gysylmaga çalşylýan gatnaşyklaryny rahatlandyrmak we ýalňyş pikirler bilen bezelen diwarlary ýykmak biziň elimizde. Baky asudalyk üçin tagalla edýäris” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “Şazada Laurent: Türkiýe özümizi nähili güýçlendirip biljekdigimizi görkezýän ýurt” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Türkiýäni goranyş senagatynda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşandygyny beýan eden Belgiýanyň Şazadasy Laurentiň: “Hormatly Erdogan häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy ýarag senagatyny ösdürdi. NATO-nuň Baş sekretary Ýens Stoltenberg hem Türkiýäniň gazananlaryna kanagatlanmasyny bildirdi. Türkiýäniň uly potensialy bar. Türkiýe şol bir wagtda-da bize özümizi nähili güýçlendirip biljekdigimizi görkezýän ýurt. Ýewropanyň beýleki ýurtlardan öwrenere zatlarynyň bardygyny pikir edýärin” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgaýyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Türk baly 11,5 million dollar gazandyrdy” söz başyly habarynda, Türkiýeden ýawar-aprel aýlarynyň aralygyndaky döwürde edilen bal eksportunyň 11,5 million dollara barabar bolandygyny ýazýar. ABŞ, Germaniýa we Ispaniýa esasy eksport edilen üç ýurt boldy.

“Watan” gazeti “Antalýa şu ýyl 418 sanysy 5 ýyldyzly, 812 myhmanhanara syýahatçylaryny kabul edýär” söz başyly habarynda, Antalýada şu ýyl 418 sanysy 5 ýyldyzly 812 möhmanhanada syýahatçylaryň kabul ediljekdigine ünsleri çekýär. Geçen ýyl 16 milliondan gowrak daşary ýurtly syýahatçyny kabul eden we şul täze rekordlara taýýarlyk görýän Antalýa ýokary amatlykly myhmanhanalary bilen öňe saýlanýandygyny ýazýar. Şäherde 418 sanysy 5 ýyldyzly, 218 sanysy 4 ýyldyzly 812 myhmanhana hem-de 5-4 ýyldyzly konsepsiýada 46 dynç alyş obajygy ýerleşýär.

“Haber Türk” gazeti “Mete Gazoz Ýewropa çempiony” söz başyly habarynda, Milli mergen Mete Gazozyň Germaniýanyň Essen şäherinde geçirilen çempionatda finalda slowen bäsdeşi Den Habýan Malawasiji 6-0 hasabynda utup, Ýewropa çempiony bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýar.



Degişli Habarlar