Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1700644
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan UHU, ÝUHU we Akynjy hakyndaky beýanaty” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Stambulda geçirilen dabarada sözlän sözünde Türkiýuäniň uçarmansyz howa ulaglaryna, uçarmansyz ýaragly howa ulaglaryna we “AKYNJ-a” eýedigini nygtap: “İndi gapylarda dilegçi bolmarys, tersine hemmeler bizden talap edýär. Azerbaýjanda, Liwiýada ÝUHU-larymyz bilen özümizi görkezdik. Mundan beýläk hiç kimiň gapysynda dilegçi bolmarys” diýendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Ýene-de bir  ýurt nobata durdy” söz başyly habarynda, Azerbaýjandan, Katardan, Ukrainadan, Tunisden we NATO agza Polşadan soň Yragyň hem türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryna isleg bildirendigini mälim edýär. Yragyň goranmak ministri Juma İnad, “Baýraktar TB2, “T129 ATAK” dik uçarlaryndan we ýokary hili ýaraglardan almak isleýändiklerini aýtdy.

“Star” gazeti “Türkiýäniň daşarky garaşlyllygyny ortadan aýrjak açyşdan hoş habar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Nebit kärhanasynyň sosial media hasabyndan berilen habarnamada, “Sakarýa gaz känindäki Türkali-2 guýusynda 2-nji rezerwuar derejesinde geçirilen guýy akyş synagyny üstünlik bilen tamamladyk” diýilýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Dünýäni gezdi, şypany türk lukmanlarynda tapdy” söz başyly habarynda, bejergi üçn Germaniýa, ABŞ ýaly dünýäniň ençeme ýurduna baran skolioz keselli 13 ýaşyndaky iňlis tansçysy Oliwia Bukleýiň çäräni türk lukmanlarynda tapandygyny mälim edýär. Ýygnan kömekleri bilen Britaniýadan Türkiýä bejergi almak üçin gelen ýaş tansçy edilen üstünlikli operasiýadan soň hassahanadan tans edip çykdy.

“Haber Türk” gazeti “Türk zenan woleýbolçylary ýarym finalda” söz başyly habarynda, türk zenan woleýbolçylarynyň Ýewropa çempionatynyň çärýek finalynda Polşany 3-0 hasabynda utup, ýarym finala çykandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar