Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1179795
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: “Prezident Erdogan aýan etdi: Maksadymyz 100 milliard dollar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň we Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň, Moskwadaky Türkiýe-Russiýa VIII Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatynda çykyş edendiklerini habar berýär. Gazet Erdoganyň: “Ikitaraplaýyn söwda kuwwadymyzy 100 milliard dollara ýetirmek isleýäris” diýendigini, Putiniň bolsa: “Gün tertibimizde harby-tehniki hyzmatdaşlyk bilen birlikde S-400 ulgamlarynyň Türkiýä iberilmegi bar” diýendigini beýan edýär.

Haber Türk gazedi: “Türkiýeden Liwiýa bilen bagly beýanat: Alada bildirýäris” söz başyly habarynda, Türkiýe Liwiýanyň paýtagty Tripola garşy başladylan harby hüjüme alada bildirýändigini mälim edendigini we taraplary parasatly bolmaga çagyrandygyny aýan edýär. Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda “Liwiýada paýtagt Tripola garşy başladylan hüjümlere we dartgynlygyň möwjemegine alada bildirýäris” diýildi. Beýanatda “Şuňa meňzeş hüjümler asuda ilata zeper ýetirer  we ýurtda durnuksyzlyk emele getirer, şeýle hem BMG-nyň öňbaşyçylygynda başladylan syýasy etaby bökdär” diýildi. Beýanatda “Dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin parahasatly çemeleşilmeli. Türkiýe BMG-nyň Baş sekretarynyň we BMG-nyň Liwiýa boýunça ýörite wekiliniň ýurtdaky çaknyşyklaryň azaldylmagy baradaky tagallalaryna we halkara jemgyýetçiliginiň bu meseledäki tutumyna goldaw berýär”diýildi.

Hürriýet gazedi: “Kappadokiýa syýahatçylyk möwsümine çalt girdi” söz başyly habarynda, Kappadokiýada ýylyň ilkinji çärýegindäki syýahatçy sanynyň geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 14,5 göterim artyp, 440 müň 686 adama ýetendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Türkiýäniň tebigat, taryh we medeniýet syýahatçylygynda aýratyn bir orny bolan Kappadokiýa, şu ýylyň ilkinji aýlarynda ozalky ýyllara garanyňda syýahatçylar tarapyndan has köp isleg bildirildi.

Sabah gazedi: “Hytaýlylaryň Göbeklidepä bolan gyzyklanmasy artýar” söz başyly habarynda, Şanlyurfa welaýatynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni miras sanawynda bolan Göbeklidepe bilen bagly geçirilen tanyşdyrylyş çäreleriniň saýasynda hytaýlylaryň gyzyklanmasynyň artandygyny beýan edýär. Welaýatyň Medeniýet we syýahatçylyk müdüri Aýdyn Aslan, häzirki wagtda Hytaýyň iň uly telewideniýe kanalynyň taryhy ýeriň wideosyny alýandygyny habar berdi. Aýdyn Aslan, Prezident Rejep Taýýip Erdogan tarapyndan 2019-njy ýylyň Göbeklidepe ýyly hökmünde yglan edilmeginden soň, hem ýurdyň öz içindäki hem-de daşary ýyrtlardaky guramadyr-edaralaryň taryhy ýeriň tanyşdyrylmagy üçin goldaw bermäge başlandygyny mälim etdi.

Star gazedi: “Türkiýäniň gurluşyk pudagy Katardaky sergä gatnaşar” söz başyly habarynda, Katarda gurluşyk pudagy bilen bagly geçiriljek Halkara gurluşyk tehnologiýasy, gurluşyk materiallary, enjamlar we daşky gurşaw tehnologiýalary söwda sergisiniň (Project Qatar) türk kärhanalarynyň gatnaşmagynda geçiriljekdigini aýan edýär. 29-njy aprel-1-nji maý aralygynda geçiriljek sergide Türkiýe 3 aýry Eksportçylar bileleşigi bilen gatnaşar.


Etiketkalar: #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar