Liderler Azerbaýjan Bilen Ermenistanyň Arasyndaky Parahatçylyk Etaby Hakynda Pikir Alyşdy

Aliýew, Makron, Paşinýan we ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel Pragada duşuşdy

1889556
Liderler Azerbaýjan Bilen Ermenistanyň Arasyndaky Parahatçylyk Etaby Hakynda Pikir Alyşdy

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan we ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky parahatçylyk etaby meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşdy.

Liderler Ýewropa Syýasy Bileleşiginiň maslahatynyň çäginde Çehiýanyň paýtagty Paragada duşuşdy.

1 sagat dowam eden duşuşykdan soň metbugata beýannama beren Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, parahatçylyga tarap barýandyklaryny belledi we ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişeli bu meselede edýän tagallasy üçin takdyr edýändiklerini nygtady.

Aliýew “Dörttaraplaýyn duşuşykda esasy meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we duşuşygyň parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagy üçin netijeli geçendigi barada pikir edýärin. Parahatçylyk etabynyň depgini güýçlendirildi” diýdi.

 



Degişli Habarlar