Numan Kurtulmuş, Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew Tarapyndan Kabul Edildi

Gazagystan bilen Türkiýäniň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen strategik hyzmatdaşlyk meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

2141889
Numan Kurtulmuş, Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew Tarapyndan Kabul Edildi

Gazagystanda saparda bolýan TBMM-niň başlygy Numan Kurtulmuş, saparynyň çäginde Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew tarapyndan kabul edildi.

Tokaýew bilen Kurtulmuş Akorda köşgünde bolan kabul edilşikde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň halkara guramalaryň çäginde güýçlendirilmegi we Türki döwletleriň guramasyna agza doganlyk ýurtlaryň arasyndaky arkalaşygyň artdyrylmagy hakynda pikir alyşdy.

Kabul edilşikde Gazagystan bilen Türkiýäniň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen strategik hyzmatdaşlyk meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

 



Degişli Habarlar