Numan Kurtulmuş Özbegistanda saparda bolýar

Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Numan Kurtulmuş resmi sapar bilen Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherine bardy

2142549
Numan Kurtulmuş Özbegistanda saparda bolýar

TBMM-nyň başlygy Numan Kurtulmuş Daşkent halkara howa menzilinde Özbegistanyň Ali Mejlisiniň Kanun çykaryjy mejlisiniň başlygy Nurdinjan Ismailow, Türkiyäniň Daşkent şäherindäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ilgar bekar we beýleki resmiler garşyladylar. 

TBMM-niň başlygy Numan Kurtulmuş 22-23-nji maý aralygynda sapar gurajak Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Özbegistanyň Ali Mejlisiniň Kanun çykaryjy mejlisiniň başlygy Nurdinjan Ismailow we Özbegistanyň Ali mejlisiniň Senadynyň başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşyklar geçirer.  

Numan Kurtulmuşyň mundan başgada Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew tarapyndan hem kabul edilemgi meýilleşdirilýär. 



Degişli Habarlar