Prezident Erdogan Özbegistana bardy

Erdogany paýtagty Daşkent şäherindäki Halkara howa menzilinde Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew we aýaly garşylady

1803884
Prezident Erdogan Özbegistana bardy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýewiň resmi çakylygyna laýyklykda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherine bardy. 

Erdogany paýtagty Daşkent şäherindäki Halkara howa menzilinde Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew we aýaly garşylady. 

Prezident Erdogan soň bolsa Täze Özbegistan seýilgähinde Garaşsyzlyk ýadygärligine gül desselerini goýdy.

Prezident Erdoganyň sapary mynasybetli köşkde resmi garşylama dabarasy geçirildi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň saparynyň çäginde Türkiýe-Özbegistan Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 2-nji maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. 

Daşkentde geçiriljek maslahatda strategik hyzmatdaş derejesindäki Türkiýe-Özbegistan gatnaşyklary ählitaraplaýyn gözden geçiriler, iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has hem berkidilmegi üçin edilip bilinjek ädimler ara alynyp maslahatlaşylar. 

2018-nji ýylda döredilen Türkiýe-Özbegistan Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň ilkinji maslahaty 2020-nji ýylda Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde geçirilipdi. 



Degişli Habarlar