Azerbaýjan Şuşa beýannamasyny tassyklady

Azerbaýjanyň Milli mejlisi Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklary resmi ýagdaýda ýaranlyk derejesine ýetiren Şuşa beýannamasyny tassyklady

1771567
Azerbaýjan Şuşa beýannamasyny tassyklady

Azerbaýjanyň Milli mejlisiniň nobatdaky Baş geňeşiniň maslahatynda Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda ýaranlyk gatnaşyklary bilen bagly Şuşa beýannamasynyň tassyklanmagy bilen bagly kanun taslamasy gözden geçirildi. 

Geçirilen maslahatlaşmalardan soň sese goýulan kanun taslamasy bir agyzdan kabul edildi. 

Şuşa beýannamasy 2021-nji ýylyň 15-nji iýunynda Garabag sebitiniň simwol şäheri bolan Şuşada Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan gol çekilipdi. 



Degişli Habarlar