Azerbaýjanyň Milli Lideri Haýdar Aliýew Hatyralandy

Haýdar Aliýew aradan çykan gününiň 18-nji ýylynda uly hormat bilen hatyralandy.

1746446
Azerbaýjanyň Milli Lideri Haýdar Aliýew Hatyralandy
haydar aliyev anma.jpg
haydar aliyev anma.jpg

Azerbaýjanyň milli lideri Haýdar Aliýew aradan çykan gününiň 18-nji ýylynda uly hormat bilen hatyralandy.

Prezident Ilham Aliýew, Haýdar Aliýewiň Fahri Hyýabandaky gubyrynyň başynda geçirlen hatyralama çäresine gatnaşdy.

Hatyralama çäresine Ilham Aliýewiň aýaly Mihriban Aliýewa bilen birlikde maşgala agzalary we uly halk köpçüligi gatnaşdy.

Hatyralama çäresinde Azerbaýjanyň döwlet senasy ýerine ýetirildi we Haýdar Aliýewiň gubyryna gül desseleri goýuldy.

Türkiýäniň Azerbaýjandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jahit Bagjy bilen birlikde ilçihananyň işgärleri hem hatyralama çäresine gatnaşdy.

Sowet Soýuzy döwründe 1969-1982-nji ýyllaryň aralygynda Azerbaýjan Komunist partiýasynyň baş sekretary we garaşsyzlygyň yglan edilmeginden soň 1993-2003-nji ýyllaryň aralygynda bolsa Azerbaýjanyň Prezidenti wezipesini ýerine ýetiren Haýdar Aliýew, 2003-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ABŞ-da bejergi alýan hassahanasynda aradan çykypdy.

Azerbaýjanyň “milli lider” bolan Haýdar Aliýew, ýurduň “esaslandyryjy lideri” hökmünde hem kabul edilýär.



Degişli Habarlar