Ermeni Minalary Azerbaýjan Esgerleriniň Ölmegine Sebäp Bolýar

Ermenistanyň Goýan Minalary Sebäpli 10-njy Noýabrdan Bäri 14 Azerbaýjanly Ýogaldy

1580011
Ermeni Minalary Azerbaýjan Esgerleriniň Ölmegine Sebäp Bolýar

Daglyk Garabagda 10-njy noýabrda söweşiň gutarmagyndan bäri Ermenistanyň harby güýçleriniň basyp alyjylyk wagtynda goýan minalarynyň ýarylmagy sebäpli 14 azerbaýjanly aradan çykdy.

Azerbaýjanyň Prokuroturasy Ermenistan bilen 2020-nji ýylyň 10-njy noýabrynda hüjümleri bes etmek hakyndaky ylalaşykdan bäri halas edilen ýerlerde minalaryň ýarylmagy sebäpli çekilen adam pidalary boýunça maglumatlary çap etdi.

Beýannama görä söweşiň bes edilen gününden bäri 5 sanysy esger, 9 sanysy asuda ilatdan, 14 azerbaýjaly Ermenistanyň harby güýçleriniň goýan minalary sebäpli aradan çykdy. Şol döwürde 52 esger we asuda ilatdan 8 adam minalaryň ýarylmagy sebäpli ýaralandy.

Prokurotura raýatlara minalardan doly saplanýança halas edilen ýerlere gitmezlikleri üçin duýduryş berdi.



Degişli Habarlar