Ilham Aliýew Halka Ýüzlenip Çykyş Etdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň basyp alyşlygyndan azat edilen Agdam üçin täze bir eýýamyň başlandygyny habar berdi

1531409
Ilham Aliýew Halka Ýüzlenip Çykyş Etdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, halka ýüzlenip eden çykyşynda Agdam sebitiniň basyp alyşlykdan azat edilmegi mynasybetli ähli Azerbaýjanlylary we Agdamyň halkyny gutlady. 

Aliýew, Agdamyň 10-njy noýabrda basyp alyşlykdan azat edilmegini şanly waka hökmünde häsýetlendirip, basyp alyşlykdan ozal bu ýerde 143 müň Azerbaýjanlynyň ýaşandygyny, häzirki wagtda şol sanyň 203 müňe ýetendigini mälim etdi. 

Agdamyň basyp alynmadyk ýerlerinde şu günki güne çenli uly galkynyş taslamalarynyň durmuşa geçirilendigini aýdan Aliýew: "Indi bolsa Agdam üçin taryhy bir döwür başlaýar. Uly meýilnamalarymyz bar. Basyp alyşlyk astyndaky topraklarda ähli zat ýok edildi. Agdam şäherini ýaňadandan gurarys. Döwlet raýatlaryň ol ýerlere ýaňadandan göçüp barmagyna kömek berer" diýip habar berdi. 

Aliýew, goňşulary bilen gowy gatnaşyklar saklamaýan bir ýurdyň ösüp bilmejekdigine ünsleri çekip: "Türkiýede topraklarynyň bardygyny aýdýarlar. Akyllary ýerinde däl. Tükriýe ýaly uly bir ýurtdan toprak talap etmek, öz janyňa kast etmekdir" diýip belledi. 

Sebitde ermeniler bilen goňşulygyň dowam etjekdigini aýdan Azerbajanyň lideri: "Prezident hökmünde Günorta Kawkaz sebitinde duşmançylyklaryň ortadan aýrylmagynyň we gowy gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň tarapdarydyrys. Biziň ermeni halky bilen hiç hili meselämiz ýok. Häzirki wagtda Ermenistanda içerki krizis bar. Bu tebigy zatdyr, sebäbi bular ýaly utandyryjy bir ýeňiliş, elbetde her bir ýurtda krizisiň döremegine sebäp bolar. Krizisden soň Ermenistanda gowy hökümet başa geçse, şol hökümet bilen gowy gatnaşyklar ýola goýmaga taýardyrys, emma biziň Azerbaýjanyň halkynyň ganyny döken jellatlar bilen hiç hili gatnaşygymyz bolmaz" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar