Gazagystan Russiýadan sanjym satyn almak isleýär

Rus sanjymynyň satyn alynmagy meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Gazagystandan Moskwa resmi wekiliýet gider

1473218
Gazagystan Russiýadan sanjym satyn almak isleýär

 

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew, rus sanjymynyň satyn alynmagy meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin awgust aýynyň ikinji hepdesinde Gazagystandan Moskwa resmi wekiliýetiň gitjekdigini belledi.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putine, Russiýanyn dünýäde ilkinji koronawirus sanjymyny oýlap tapandyklary mynasibetli gutlag ýüzlenmesini ugratdy.

Tokaýew “ Bu waka rus ylmynyň ýokary mümkinçiligini we abraýyny görkezýär. Dünýäniň agyr günleri başdan geçirýän döwründe ýurdumyzda epidemiýanyň gözegçilik astyna alynmagy üçin beren kömekleriňiz sebäli uly minnetdarlyk bildirýäris” diýdi.

Gazagystanyň Prezidenti rus sanjymynyň satyn alynmagy meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin awgust aýynyň ikinji hepdesinde Gazagystandan Moskwa resmi wekiliýet ugratjakdygyny nygtady.



Degişli Habarlar