Türkiýe DKTR-na lukmançylyk enjamlary kömegini berdi

DKTR-nyň Premýer ministri Ersin Tatar lukmançylyk enjamlary kömegi üçin türk hökümetine minnetdarlyk bildirdi

1457829
Türkiýe DKTR-na lukmançylyk enjamlary kömegini berdi

 

Türkiýe, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde 3 konteýnerlik lukmançylyk enjamlary kömegini berdi.

DKTR-nyň Saglygy goraýyş ministri Ali Pilli, Türkiýeden ugradylan lukmançylyk enjamlary kömegini kabul edip aldy.

Lukmançylyk enjamlarynyň kabul ediliş dabarasyna ministr Pilli bilen birlikde DKTR-nyň Premýer ministri Ersin Tatar we Türkiýäniň DKTR-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Murat Başçeri hem gatnaşdy.

DKTR-nyň Premýer ministri Ersin Tatar lukmançylyk enjamlary kömegi üçin türk hökümetine minnetdarlyk bildirdi.



Degişli Habarlar