Bergisini bermeýändigi sebäpli Türkmenistan Eýrana iberýän tebigy gazyny kesdi

Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda 2006-njy ýylda hem tebigy gaz babatynda düşünişmezçilik bolupdy

642215
Bergisini bermeýändigi sebäpli Türkmenistan Eýrana iberýän tebigy gazyny kesdi

Eýranyň Nebit ministrligi halkdan tebigy gazy tygşytly ulanylmagyny isledi.

Türkmenistan tebigy gazyň ýaňadandan iberilmäge başlanmagy üçin Eýrandan bergisini bermegini isleýär.

Emma berginiň mukdary babatynda ýurtlar özara düşünişip bilenok.

Eýran ýurduň günortasynda baý nebit ýataklaryň bar bolmagyna garamazdan demirgazykdaky welaýatlar üçin Türkmenistandan tebigy gaz alýar.

Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda 2006-njy ýylda hem tebigy gaz babatynda düşünişmezçilik bolupdy.



Degişli Habarlar