Germaniýanyň Federal Kansleri, G-20-niň Jemleýji Jarnamasyna Kanagatlanma Bildirdi

Şols, G-20-niň liderler maslahatyndan beýannama berdi.

2035555
Germaniýanyň Federal Kansleri, G-20-niň Jemleýji Jarnamasyna Kanagatlanma Bildirdi

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, G-20-ä agza ýurtlaryň, ýadro ýaraglarynyň ulanylmagyna garşy berk tutumyň alnyp baryljakdygyny beýan etmegine kanagatlanma bildirýändigini mälim etdi.

Şols, Hindistanda geçirlen G-20-niň liderler maslahatyndan soň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beýannama berdi.

Ukrainanyň territorial bitewiline uly goldaw berlendigini aýdan Şols, “ýadro ýaraglarynyň ulanylmagyna garşy berk tutumyň alnyp baryljakdygynyň ýene-de bir gezek beýan edilmegine kanagatlanma bildirýärin” diýdi.

Germaniýanyň Federal Kansleri, Ýewropa, Amerika, Aziýa we Afrika ýurtlarynyň arasyndaky jebisligiň diýseň möhümdigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar