Bütindünýä Bankynyň Resmisi Türkiýä Hoşallygyny Bildirdi
Bütindünýä bankynyn Türkiýe bölüminiň Direktory Humberto Lopez Türkiýäniň howanyň üýtgemegi bilen bagly alyp barýan işlerine hoşallygyny bildirdi.
Lopez Daşky gurşaw, şähergurluşyk we howanyň üýtgemegi ministrli Mehmet Özhasekiniň gatnaşmagynda Türkiýäniň uglerod bazary taslamasynyň açylyşynda çykyş etdi.
Bazar şärikligi üçin iş maksatnamasyny başlatmaga şert tapandyklaryny beýan ede Lopez, şol bir wagtda Türkiýäniň howanyň üýtgemegi bilen bagly alyp barýan işlerindäki liderliğini gutlajakdyklaryny aýtdy.
Lopez Türkiýäniň howanyň üýtgemegi bilen bagly çözgüdi boýunça edýän başangyçlaryna we bu ugurdaky öňbaşçylygyna ünsi çekip; “Diňe bu ugurda näme edendigiňiziň dal, ýurt hökmünde edýän liderliğininize hem göz ýetirilmelidigini pikir edýärin. Daşky gurşaw, şähergurluşyk we howanyň üýtgemegi ministrli Mehmet Özhasekiniň hem görenlerimiz we şaýatlyk edenlerimiz sebäpli gutlaga mynasypdygyny pikir edýärin” diýdi.
Lopez Türkiýäniň gaýtadan işlenýän energiýa pudagyndaky başlangyçlaryna ünsi çekip, bu başlangyç maksatnamalarynyň iňňän ýerliklidigini, şonuň netijesinde howanyň üýtgemeginiň öňüniň alynmagyna goşant goşuljakdygyny beýan etdi.
Degişli Habarlar
Russiýa Britaniýanyň Harby Attaşesini Ýurtdan Çykarar
Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrligi ýazmaça beýannama berdi.