Gaza Ýarylmadyk Bombalar Sebäpli Howply Etaby Başdan Geçirýär
"Ysraýylyň hüjümlerine sezewar bolýan Gaza ýarylmadyk bombalar sebäpli iň howply etaby başdan geçirýär"
BMG, Gazanyň ýarylmadyk bombalar sebäpli iň howply etaby başdan geçirýändigi barada duýduryş berdi.
BMG-nyň Minalar gullugy UNMAS-yň ýolbaşçysy Mungo Berç, Ženewada geçirilýän Halkara 27-nji minaly aksiýalar maslahatynda eden çykyşynda, 7-nji oktýabrdan bäri Ysraýylyň hüjümlerine sezewar bolýan Gazanyň ýarylmadyk bombalar sebäpli iň howply etaby başdan geçirýändigi barada duýduryş berdi.
Heläkçilikleriň esasy böleginiň ynsanlaryň Gazanyň demirgazygyna dolanmaga başlamagyndan soň başdan geçiriljekdigini aýdan Berç “Sebäbi ýarylmadyk bombalaryň nirededigini bilemeýärler” diýdi.
Berç, ynsanlaryň howpsuz ýagdaýda Gazanyň demirgazygyna dolanmagy üçin degişli çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi.
Degişli Habarlar
Owganystanda Syýahatçylara Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DEAŞ Öz Üstüne Aldy
Hüjümde 3-i Ispaniýanyň, 3-i hem Owganystanyň raýaty bolan 6 adam ýogalypdy.