Kreml: "Gara deňiz Galla geçelgesi ylalaşygy bes edildi" diýdi

Russiýanyň hökümetiniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Gara deňiz Galla ylalaşygynyň bes edilendigini, degişli şertler durmuşa geçirilen halatynda Russiýanyň ylalaşyga gaýdyp geljekdigini habar berdi

2012488
Kreml: "Gara deňiz Galla geçelgesi ylalaşygy bes edildi" diýdi

Russiýanyň hökümetiniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow metbugat işgärlerine beren beýanatynda, şu gün möhleti dolan Ukrainanyň we Russiýanyň Gara deňiz Galla geçelgesi bilen baglanşykly ylalaşyk barada maglumat berdi. 

17-nji iýulda ylalaşygyň möhlediniň tamamlanandygyny aýdan Peskow: "Galla geçelgesi ylalaşygy bes edildi. Russiýa degişli şertler durmuşa geçirilen mahaly edil şol bada galla ylalaşygyna gaýdyp geler. Ylalaşygyň Russiýa bilen baglanşykly bölegi ýerine ýetirilmedi" diýip habar berdi. 

Ylalaşygyň bes edilmeginiň Krym köprüsine garşy guralan hüjüm bilen arabaglanşykly bolmandygyny aýdan Peskow, ylalaşyk ýerine ýetirilmän halatynda Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin tarapyndan şolar ýaly kararyň durmuşa geçiriljekdigi barada ozaldan habar berendigini ýatlatdy. 

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa Ria habarlar agentligine beren beýanatynda: "Russiýa ylalaşygyň möhlediniň uzadylmagy bilen baglanşykly närazylyk şu gün türk we ukrainaly taraplar bilen BMG-nyň Baş sekretarlygyna resmi ýagdaýda ýetirildi" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar