Malaýziýa 1 Million Daşary Ýurtly Işçä Zerurlyk Duýýar

Malaýziýanyň koronawirus pandemiýasyndan soň ýüze çykan el güýjine bolan işlegi kanagatlandyrmak üçin 1 milliona barabar daşary ýurtly işçä zerurlyk duýýar.

1927159
Malaýziýa 1 Million Daşary Ýurtly Işçä Zerurlyk Duýýar

“Malaýmailiň” habar bermegine görä Iş üpjünçiligi ofisleri jemgyýeti ýurtdaky iş üpjünçiligi hakynda habarnama çap etdi.

Guramanyň ýolbaşçysy Dotuk Foo Ýong Hooi Malaýziýada dürli pudaklarda el güýjüne bolan islegiň ýokarydygyna üns çekip, ýurduň 1 milliona barabar zerurlyk duýýandygyny beýan etdi.

Gurluşyk, oba hojalygy, önümçilik we hyzmatlar pudaklarynyň el güýjüne zururlyk duýýan ugurlaryň başynda durýandygyny beýan eden Foo, 2020-nji ýylda 2,2 milliona barabar bolan bellige alynan daşary ýurtly işçileriň sanynyň Kowid-19 sebäpli 900 müňe çenli azalandygyny mälim etdi.

Foo, gurluşyk pudagyna 300 müňe, oba hojalyk pudagyna 230 müň, önümçilik pudagyna 100-200 müň aralygynda el güýjüniň gerekdigini beýane tdi.

Malaýziýanyň İçeri işler ministri Datuk sSeri Faifuddin Nasution İsmail we käbir ministrler bilen daşary ýurtly işçi melesiniň çözülmegi üçin pikir alyşjakdyklaryny beýan eden Foo, hökümetiň daşary ýurtly işçilere wyza düzgünini ýeňilleşdirmelidigini nygtady.

 



Degişli Habarlar