NATO-nyň Baş sekretary Russsiýa-Ukraina söweşi barada beýannama berdi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg: "Ýadro ýaraglaryň ulanylmagy Russiýa-Ukraina söweşiniň tebigatyny düýbünden üýtgeder, tankydy netijelere sebäp bolar" diýip nygtady

1892696
NATO-nyň Baş sekretary Russsiýa-Ukraina söweşi barada beýannama berdi

Iki gün dowam eden NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatynyň ahyrynda metbugat ýygnagyny geçiren NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, ministrleriň Ukraina berilýän goldawy artdyrmak, blogyň eýmendirmegini güýçlendirmek, has köp barlyk, çeýelik we razwedka maglumat paýlanşygy bilen NATO-nyň tankydy infrastrukturasyny goramak babatynda ylalaşyga gelendiklerini habar berdi. 

Ýaranlaryň düýn irden Ýadro meýilnama toparynyň nobatdaky maslahatyna gatnaşandyklaryny aýdan Ýens Stoltenberg, bu babatda geňeşmeleriň we koordinasiýalaryň möhümdigine ünsleri çekdi. 

Ýens Stoltenberg: "Putiniň ýadro bilen bagly beýanatlary howply we jogapkärçiliksiz. Putiniň ýadro bilen bagly beýanatlaryna çynlakaý çemeleşýäris. Ýüz öwürmeris. Ýadro ýaraglaryň ulanylmagy Russiýa-Ukraina söweşiniň tebigatyny düýbünden üýtgeder, tankydy netijelere sebäp bolar" diýip nygtady.

Stoltenberg Russiýanyň ýadro ýarag ulanan halatynda NATO-nyň şol bir häsýetde garşylyk görkezip-görkezmejekdigi bilen bagly soraga: "NATO-nyň ýadro ýarag ulanmak mejburlygyna galmak şertleri örän uzak" diýip jogap berdi. 



Degişli Habarlar