Germaniýada Kowid-19 Boýunça Düzgünleriň Üýtgedilmegine Rugsat Berildi

Germaniýanyň Ministrler kabineti täze görnüş koronawirusa garşy göreş boýunça çäreleriň 1-nji oktýabrdan başlap giňeldilmegi hakyndaky Ýokançdan goranyş kanunyň özgerdilmegine rugsat berdi.

1871956
Germaniýada Kowid-19 Boýunça Düzgünleriň Üýtgedilmegine Rugsat Berildi

Germaniýanyň Saglygy goraýyş ministri Karl Lauterbah we Adalat ministri Marko Mahmann paýtagt Berlinde geçirilen metbugat ýygnagynda 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 2023-nji ýylyň 7-nji apreline çenli güýjüni saklajak üýgetme hakynda beýannama berdi.

Lauterbah üýtgetmäniň koronawirus ýokanjyna garşy güýz aýlarynda ýokary taýýarlyk görmek üçin taýýarlanandygyny beýan etdi.

Üýtgetmä görä Germaniýada howa gatnawynda we jemgyýetçilik ulaglarynda FFP2 maska geýinme mejburlygy 1-nji oktýabrdan soň hem dowam eder.

Hassahanalarda we bejergi edaralary bilen degişli guramalarda maska geýinmek we test mejburlygy düzügi giriziler. Ýerli dolanşyklar ýapyk jemgyýetçilik ýerlerinde maska geýinme düzgünini girizmäge ygtyýarly bolarlar.

Tussaghanalar, immigrantlaryň bolýan ýerleri, çagalar baglary we mekdepler ýaly adamlaryň köpçülikleýin bolýan ýerlerinde test etdirme düzgüni giriziler.

Aýratynam mekdeplerde okuwyň dowam etmegi üçin 5-nji synplardan başlap maska geýinme düzgüni giriziler.



Degişli Habarlar