Eýran Ýüzlerçe Sentrifuganyň Işe Girizilmegi Üçin Görkezme Berdi

Bu başlangyç Eýranda çykarylýan “Stratregik iş meýilnamasy hakyndaky kanunuň” iş ýüzüne geçirilmegine laýyklykda edildi.

1862377
Eýran Ýüzlerçe Sentrifuganyň Işe Girizilmegi Üçin Görkezme Berdi

Eýranyň Atom energiýasy guramasynyň metbugat Sekretary Bahruz Kamalwendi ýüzlerçe ýokary ukyply we döwrebap urany baýlaşdyryjy sentrifuganyň işe girizilmegi hem-de olara gaz goýberilmegi üçin görkezme berilendigini aýtdy.

Eýranyň döwlet teleýaýlymynyň beýan etmegine görä Bahruz Kamalwendi ýurduň ýadro energiýa boýunça ýeten sepgidi hakynda maglumat berdi.

Ýüzlerçe “IRI” we “IR6” ýokary ukyply we döwrebap urany baýlaşdyryjy sentrifuganyň işe girizilmegi hem hem-de olara gaz goýberilmegi üçin görkezme berilendigini aýdan Kamalwendi, Halkara Atom Energiýasy Gullugyna hem bu barasynda maglumat berilendigini aýtdy.

Kamalwendi bu başlangyjyň sanksiýalaryň bes edilmegi, Eýranyň bähbitleriniň goralmagy we ýurda geren bolan 190 SU-lyk baýlaşdyrma derejesine ýetmek üçin Eýranda çykarylýan “Stratregik iş meýilnamasy hakyndaky kanunuň” iş ýüzüne geçirilmegine laýyklykda edilendigini öňe sürdi.

Bahruz Kamalwendi 500 sny “IR6” sentrifuganyň işe girizilmeginiň 10-15 günüň dowam edýändigini aýtdy.



Degişli Habarlar